" QR Işgär " Ulanyş we Gizlinlik Düzgünnamasy

  1. Tanyşdyryş
    QR Işgär-a hoş geldiňiz! Bu Gizlinlik Düzgünnama, müşderi ýa-da dükan işgäri, programmamyzy ('QR Işgär') ulananyňyzda maglumatlaryňyzy nädip ýygnaýandygymyzy, ulanýandygymyzy, aýan etýändigimizi we goraýandygymyzy düşündirýär. Bu gizlinlik düzgünnamany üns bilen okaň. Bu gizlinlik düzgünnamanyň şertleri bilen ylalaşmasaňyz, programma girmezligiňizi sizden haýysh edýäris.
  2. Kärhana maglumatlary
    Bu programma Turkmenistanda ýerleşýän 'Timar' hususy kärhanasy tarapyndan işlenip düzülýär we goldanylýar. Bu Gizlinlik Düzgünnama bilen baglanyşykly islendik maglumat üçin ecommerce.timar@gmail.com bilen habarlaşyp bilersiňiz.
  3. Biziň ýygnaýan maglumatlarymyz.
    QR Işgär şahsy we duýgur ulanyjy maglumatlarynyň aşakdaky görnüşlerini ýygnaýar:
    • Şahsy maglumatlar: Programmamyzy ulananyňyzda, adyňyz, e-poçtanyň we programmamyzyň niresinde ýerleşýändigiňiz ýaly maglumatlary ýygnap bileris.
    • Haryt maglumatlary: Programmany ulanyp gözden geçirýän önümleriňiz, önümiň ID-sy, atlary, düşündirişleri we bahalary.
    • Ulanyş maglumatlary: Programmanyň nädip gireniňiz we ulanyşynyz, şol sanda programma giren senäňiz we wagtyňyz, ulanýan aýratynlyklaryňyz we beýleki anyklaýyş maglumatlary ýaly maglumatlary ýygnap bileris.
  4. Maglumatlaryňyzy nähili ulanýarys.
    Ýygnaýan maglumatlarymyzy aşakdaky usullar bilen ulanýarys:
    • Hyzmatymyzy üpjün etmek we goldamak üçin: Programmanyň kadaly we netijeli işlemegini üpjün etmek.
    • Hyzmatymyzy gowulandyrmak üçin: Programmany gowulaşdyryp biler ýaly derňew ýa-da gymmatly maglumatlary ýygnamak.
    • Siz bilen habarlaşmak üçin: Habarnamalary, täzelenmeleri we goldaw habarlaryny ibermek.
    • Galplygyň öňüni almak we howpsuzlygy üpjün etmek: Döräp biljek howpsuzlyk meselelerine gözegçilik we galp işler.
  5. Maglumatlaryňyzy paýlaşmak
    Aşakdaky ýagdaýlarda maglumatlaryňyzy üçünji taraplar bilen paýlaşyp bileris:
    • Hyzmat üpjün edijiler bilen: Hyzmatymyzyň ulanylyşyna gözegçilik etmek we derňemek ýa-da siziň bilen habarlaşmak.
    • Hukuk sebäpleri: Kanun tarapyndan talap edilse ýa-da döwlet edaralarynyň haýyşlaryna jogap hökmünde.Şahsy maglumatlaryňyzy üçünji taraplara satmaýarys ýa-da kärendesine almaýarys.
  6. Maglumat howpsuzlygy
    Maglumatlaryňyzyň howpsuzlygyny ileri tutýarys. Şahsy maglumatlaryňyzy goramak üçin dürli howpsuzlyk çärelerini ulanýarys. Şeýle-de bolsa, internet arkaly geçiriş usulynyň ýa-da online saklamagyň usulynyň 100% ygtybarly däldigini ýadyňyzdan çykarmaň. Şahsy maglumatlaryňyzy goramak üçin täjirçilik taýdan kabul ederlikli serişdeleri ulanmaga çalyşýan bolsak-da, onuň howpsuzlygyny kepillendirip bilmeris.
  7. Maglumatlary saklamak we pozmak
    Şahsy maglumatlaryňyzy diňe ýygnan maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolança saklaýarys, şol sanda kanuny, buhgalteriýa ýa-da hasabat talaplaryny. Şahsy maglumatlaryňyzy islän wagtyňyz ecommerce.timar@gmail.com bilen habarlaşyp, pozdurup bilersiňiz.
  8. Bu Gizlinlik Düzgünnamanyň üýtgeşmeleri
    Gizlinlik Düzgünnamany wagtal-wagtal täzeläp bileris. Üýtgeşmeler barada bu sahypada täze Gizlinlik Düzgünnamany ýerleşdirip habar bereris. Üýtgeşmeler üçin bu Gizlinlik Düzgünnamany wagtal-wagtal gözden geçirmek maslahat berilýär. Bu Gizlinlik Düzgünnama girizilen üýtgeşmeler, bu sahypada ýerleşdirilende täsirli bolýar.