SAÝTYŇ ULANYLYŞ DÜZGÜNLERI WE GIZLINLIK SYÝASATY BOÝUNÇA ÖZARA YLALAŞYK
Timar mebel aksessuarlary Marketi (Mundan beýläk “Market” diýlip atlandyrlar) we www.timar.com.tm internet saýty (Mundan beýläk “Saýt” diýlip atlandyrlar) bilen, onuň müşderisiniň (mundan beýläk “Agza” diýlip atlandyrlar) arasynda aşakdaky şertleri ýerine ýetirmek boýunça ylalaşylýar.
Umumy düzgünler:
  • Ulanyjy saýtymyza agza bolmazdan we hyzmatymyzdan peýdalanmaga başlamazdan öň saýty ulanmagyň düzgünleri bilen doly tanyşmaga borçludyr. Düzgünnama Saýt bilen ulanyjynyň özara gatnaşygyny düzgünleşdirýän talaplary kesgitleýär.
  • Saýty ulanyjy Saýtda bellige alyş işlerini tamamlanyndan soň Saýtyň Agzasy hasaplanylýar we şu Ylalaşykda bellenen şertlere eýermek bilen ulanyjy adyny we açar sözüni girizip, Saýty ulanmaga başlap bilýär.
  • Agzanyň Saýty ulanyp başlamagy Ylalaşygyň ähli şertlerini doly kabul edýändigini aňladýar.
  • Ylalaşyk agzalygyňyzyň ýatyrylmagy bilen güýjini ýitirýär.
  • Saýt şu Ylalaşyga birtaraplaýyn islendik üýtgetmeleri we goşmaçalary hiç hili bildiriş etmezden girizip bilýär. Şonuň üçin, administrasiýa dowamly üýtgeşmäni we goşmaçany barlap durmagy agzalara maslahat berýär.
  • Saýtyň belli ýerlerinde, umumy düzgünler, şeýle hem degişli bölüme görä başga şertler-de bellenip bilner. Hyzmatlarymyzdan peýdalanýan Agza, degişli şertleri doly okan we kabul eden hasaplanýandyr.
  • Ulanyjy tarapyndan girizilen maglumat üçin jogapkärçiligi diňe ulanyjynyň özi çekýär. Administrasiýa siziň hasabyňyzyň üçünji tarapyň ulanmagyna ýol bermezligi maslahat berýär.
  • Kesgitlenen gizlinlik syýasaty saýty ulanyjylaryň saýty ulanan halatlarynda olaryň şahsy maglumatlarynyň geçirilmegi, toplanmagy, saklanmagy we işlenmegi bilen bagly şertleri kesgitleýär.
Agzanyň hukuklary we borçlary:
  • Saýt ähli adamlaryň ulanmagy üçin açykdyr.
  • Agza Saýty ulanýan halaty Ylalaşykda bellenen ähli şertleri doly kabul edendigi düşünilýär.
  • Agza Saýtdan peýdalanan döwründe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket etmäge borçlanýar.
  • Agza beýleki agzalaryň we ulanyjlaryň saýty ulanmagyna päsgel beriji ýa-da bökdençlik döredijili hereketlere baş goşmaly däldir. Baş goşan ýagdaýynda, Saýtyň administrasiýasy tarapyndan agzalykdan çykaryljakdygyny we bu ýagdaý sebäpli ýüze çykjak her bir hukuk we jerime jogapkärçiligini öz kabul edýär.
  • Saýtyň içinde, şeýle hem sosial ulgamlarda operator bilen ýazyşmalaryň göçürmesiniň saklanmagy agzalaryň jogapkärçiligine degişlidir. Şeýle ýagdaýda operator bilen ýazyşmalaryň göçürmesiniň agza tarapyndan saklamagy maslahat berilýär. Ýazyşmalaryň göçürmesi saklanmadyk ýagdaýynda, ýitmeginden ýa-da pozulmagyndan Market jogapkär däldir.
  • Saýt ýa-da Agzanyň özi tarapyndan ýatyrlan agzalyk, hasabyna degişli ýazgysyny, agzanyň garşy talabynyň bolmadyk ýagdaýynda, Saýt ony pozmakda ýa-da pozmazlykda erkindir.
  • Agza Saýta registrasiýa bolanynda ýa-da hyzmatlaryndan peýdalananynda şahsy we beýleki maglumatlarynyň dogrulygyny we bu maglumatlaryň dogry bolmadyk ýagdaýynda Marketiň bu sebäpden görjek ähli zeperlerini tölejekdigini kabul edýär.
Saýtyň hukuklary we jogapkärçiligi:
  • Agza saýty ulanmak bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygyny we şu Ylalaşygyň şertlerini bozan ýagdaýynda Saýtyň birtaraplaýyn agzany agzalykdan çykarmaga hukugy bardyr.
  • Agzalara Saýt tarapyndan saýta agza bolmagy bilen berlen ýa-da öz bellän agza ady, açar sözi ýaly maglumatlaryň ulanmagyny, başga adamlara beren ýagdaýynda, açar sözüniň başga adamalar tarapyndan betniýetlilik bilen ulanylmagyndan Agza jogapkärdir. Şeýle-de, Agza internet äleminde başganyň IP adresini, e-poçta adresini we ulanyjy adyny ulanyp bilmeýändigi bilen birlikde, Agzalaryň şahsy maglumatlaryny rugsatsyz ulanyp bilmeýär. Ulanylan halatynda, ýüze çykjak ähli hukuk we jerime jogapkärçiliklerini Agza öz üstüne alýar.
Alnan maglumatlar we olaryň ulanylyşy:
Saýtyň hyzmatlaryndan ulanýan döwrüňizde we/ýa-da saýtymyza agza bolan ýagdaýyňyzda, size ýokary hilli hyzmat bermek üçin adyňyz, familiýaňyz, e-poçta salgyňyz, telefon belgiňiz, jynsyňyz, doglan günüňiz, eltip berme salgyňyz ýaly käbir şahsy maglumatlaryňyza zerurlyk ýüze çykýar. Ol maglumatlar Siziň hyzmatymyzdan doly peýdalanyp bilmegiňiz üçin derwaýys bolan maglumatlardyr. Bu maglumatlar bolmazdan hyzmatlaryň käbirlerini amala aşyrmak mümkin bolmaýar. Saýtda Sizden alnan maglumatlar aşakdaky maksatlar üçin ulanylýar:
  • Siziň şahsy hasabyňyzy döretmek.
  • Sargydy ýerine ýetirmek, tamamlamak we müşderilerimiz bilen aragatnaşyk saklamagy ýeňilleşdirmek.
  • Müşderi goldawyny bermek.
  • Hyzmatlarymyzy has-da gowulandyrmak.
  • Sargytlar, hyzmatlar we arzanladyşlar hakda maglumat bermek.
  • Müşderilerimiziň söwda saýlawlaryny has gowy bilmek we olara teklipler hödürlemek.
  • Trend seljermeler we statistik seljermeler etmek.
Agzanyň hukuklary:
Bizde saklanan şahsy maglumatlaryňyz hakda maglumat almaga hukugyňyz bardyr. Maglumatlaryňyz ýalňyş ýa-da doly däl bolsa, maglumatlaryňyzyň düzedilmegini ýa-da aýrylmagyny talap edip bilersiňiz. Saýt bu gizlinlik syýasatynyň ýerine ýetirilmegi we üýtgedilmegi bilen baglanyşykly teklipdir soraglaryňyza mydama açykdyr.
Ýokarda ýazylan şertleri okadym, düşündim, kanuna we hukuklaryma laýyklykda hereket etjekdigime borçlanýaryn.